«Altyn Asyr» — «Dordoý»: 1— 1, jogap duşuşyk 17-nji aprelde Aşgabatda geçiriler

06.04.2019, 10:311,341

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy — 2019-yň birinji tapgyrynda Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary bilen Bişkegiň «Dordoý» toparynyň arasyndaky duşuşyk 1 — 1 hasabynda deňme-deňlikde tamamlandy.

Türkmen toparynyň derwezesine 46-njy minutda pökgini «Altyn Asyryň» öňki oýunçysy Wahyt Orazsähedow geçirdi. 86-njy minutda bolsa, türkmen toparynyň ýarymgoragçysy Annasähet Annasähedow jogap pökgüsini geçirip, öz toparyny ýeňlişden halas etdi.

«D» toparçadaky parallel duşuşyklarda Täjigistanyň toparlary öz aralarynda ýaryşyp, ýurduň hereket edýän çempiony «Istiklol» 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

AFK-nyň Kubogy – 2019-yň ikinji tapgyrynda «Altyn Asyr» «Istikloly» kabul eder. Duşuşyk 17-nji aprelde «Aşgabat» stadionynda geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.