2019-njy ýylyň iň gowy awtomobilleri belli edildi

19.04.2019, 12:316,378

Nýu-Ýorkda «World Car of the Year 2019» bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler, diýlip Ria Nowosti agentligi habar berýär.

«Jaguar I-Pace» awtomobili birbada 3 baýraga mynasyp boldy — «Ýylyň awtomobili», «Ýylyň dizaýny» we «Ekologiýa taýdan zyýansyz awtomobil».

Şäher üçin iň gowy awtomobil hökmünde «Suzukii Jimny» bellenildi. Ýylyň lýuks (kaşaň) awtomobili «Audi A7», ýylyň giperkary bolsa - «McLaren 72OS» boldy.

World Car Awards — bu awtomobil gurluşyk ulgamynda halkara baýrak bolup, dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan halkara professional awtomobil žurnalistleri topary tarapyndan gowşurylýan baýrak. Ýylyň ýütindünýä awtomobili adyna eýe bolmak üçin bäsleşige gatnaşýan maşynlar bäsleşigiň geçirilýän ýylynyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýda azyndan bäş döwletde we iki kontinentde satylýan bolmaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.