Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde geçiriljek çäreler

14.05.2019, 23:441,402

2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geldi we Daşary işler ministrliginiň binasynda onuň bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlisleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar, has takygy 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen bagly bolan guramaçylyk meselelerine seredilip geçildi.
Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi, foto we kitap sergisi, şeýle-de GDA-nyň simfoniki orkestriniň konserti we beýleki medeni çäreler geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.