Messi «Piçiçi» we «Alfredo Di Stefano» baýraklaryna eýe boldy

18.12.2019, 21:503,176

17-nji dekabrda «Marca» ispan sport neşiriniň baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Messi «La Liganyň» geçen möwsüminiň iň gowy hüjümçisi hökmünde «Piçiçi» baýragyna we möwsümde turniriň iň gowy oýunçysy hökmünde «Alfredo Di Stefano» baýragyna eýe boldy.
Leonyň özi «El-Klasiko» duşuşygynyň ýakynlaşandygy sebäpli, dabara gatnaşmady.
«Şu gün men Klasiko zerarly dabara gatnaşyp bilemok, ýöne men hemme gatnaşyjylara özümiň mähirli salamymy iberýärin. Nobatdaky gezek bu baýraga eýe bolmak – meniň üçin hormat».
Belläp geçsek, argentinaly oýunçy «Piçiçi» baýragyna altynjy gezek mynasyp bolup, «La Ligada» rekord goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.