«Real» Fabiano Ruis bilen gyzyklanmagyny artdyrdy

30.12.2019, 07:341,926

Madridliler Napoliniň merkezi ýarym goragçysyny topara almaga isleg bildirýärler.
«Real» tomusky transfer penjiresinde Fabian Ruisi baş maksady hökmünde kesgitledi —diýip, AS habar berýär.
Madridliler bu ispaniýaly ýarym goragçyny almak ugrunda «Barselona», «Atletiko» we «Mançester Ýunaýted» bilen ýiti bäsdeşligiň gitjekligine oňat düşünýärler.
Çeşmeler Fabian Ruisiň «Reala» has köp ýykgyn edýändigini we klub bilen onuň wekilleriniň arasyndaky aragatnaşyklaryň bolsa has-da gowulanýandygyny tassyklaýarlar.
Madridlileriň Ruisi goşmaça töleg töläp, Isko bilen özara alyş-çalyş etmek mümkinçiligine hem seredendiklerini ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.