Türk howaýollarynyň uçarlary Stambula wagtlaýyn Türkmenabatdan uçar

06.03.2020, 22:5612,374

2020-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Aşgabat – Stambul – Aşgabat howa gatnawlary wagtlaýyn Türkmenabadyň halkara howa menzilinden amala aşyrylar. Bu barada ArzuwNews «Türk howaýollary» (Turkish Airlines) agentligine salgylanyp habar berýär.
Stambuldan Türkmenabada gatnawlar sişenbe hem-de anna güni amala aşyrylar. Türkmenabatdan Stambula çarşenbe we şenbe günleri uçar.
Goşmaça maglumat almak üçin awia edaranyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: +99361014433

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.