Facebook-yň esaslandyryjysy bir günde 7 milliard dollar ýitirdi

28.06.2020, 14:386,786

Facebook-yň baş direktory Mark Zukerberg, korporasiýanyň düzümine girýän Facebook, Instagram we Twitter-de goýberilýän mahabatlar togtatylandan soň, takmynan, 7,2 milliard dollar ýitirdi. Bu barada REGNUM habar berdi.
Coca-Cola, Verizon, Unilever ýaly birnäçe iri korporasiýalar ýolbaşçylaryň millitparazlyk häsiýetli we nädogry maglumatlary aýyrmak üçin ýeterlik çäreleri görmeýändigi sebäpli Facebook-a degişli sosial ulgamlarda mahabatyň togtadylýandygyny habar berdiler. Bu çäre birnäçe  hukuklary goraýjy guramalar tarapyndan goldanyldy.
“Unilever”-iň “Facebook”-da mahabat üçin boýkot yglan edenden soň, ýagny aragatnaşygy bes edenden soň kompaniýanyň paýnamalarynyň 8 göterim peselendigi we emläkleriň umumy bahasynyň 7,21 milliard dollara çenli peselendigi we häzirki wagtda 82,3 milliard dollara barabardygyny bellendi. Zukerberg milliarderleriň ilkinji üçlüginden "kowuldy".
Mundan ozal, mahabatda ýigrenji sözleriň Facebookda gadagan ediljekdigini we jyns, millet, din, jyns ugry we gender aýratynlygy ýa-da immigrasiýa ýagdaýy baradaky negatiw sözleriň saýhallanjakdygy habar berlipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.