Türkmenistanda metjitler wagtlaýyn ýapyldy

16.07.2020, 17:3430,309

Ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça​ Döwlet meýilnamasynyň çäginde, zyýansyzlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda metjitler wagtlaýyn ýapyldy. Mundan başga-da, şeýle wagtlaýyn çäklendirmeler musulmanlaryň zyýarat edýän mukaddes ýerlerinde hem ýola goýlar we bu 23-nji iýula çenli dowam eder. Bu barada Arzuw News habar berýär.

Düýn BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça geçirilen brifingde Daşary işler ministri R.Meredow öz hasabatynda ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça​ Döwlet meýilnamasynyň tapgyrlaýyn ýerine ýetirilişi barada çykyş edendigini bellemelidiris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.