Türkmenistan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işine çäklendirmeleriň möhletini uzaltdy

03.12.2020, 07:4321,027

Sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistanda söwda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň we dini edaralarynyň işine çäklendirmeleriň möhleti 2020-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli söwda (azyk we gündelik zerurlykdaky harytlaryň söwdasyny edýän dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmiti (toý mekanlary, restoranlar, kafeler we naharhanalar) kärhanalarynyň işi çäklendiriler.
Şeýle hem 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli metjitler we zyýarat edilýän ýerler ýapyk bolmagynda galar.
Mundan öň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti we dini edaralarynyň işine çäklendirmeler 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli diýlip bellenipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.