Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini gowşurdy

05.12.2020, 13:5417,774

4-nji dekabrda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde gurlan metjidiň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistandan Jowuzjan, Hyrat we Farýab welaýatlaryna derman we lukmançylyk serişdelerinden, Türkmenistanda öndürilen hojalyk, dokma we azyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi hem ugradyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti, şeýle-de Owganystanyň ýokary wezipeli döwlet işgärleri gatnaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.