ABŞ-nyň Oregon ştatynda matematikada jynsparazlyk ýüze çykaryldy

25.02.2021, 09:4522,374

Amerikanyň Oregon ştatynyň häkimiýetleri adaty matematika kursunda, has takygy, algebrada ak jynsyň agalyk ediji ideýasynyň öňe sürülýändigini mälim etdiler. Bu barada “Fox News” teleýaýlymyna salgylanyp, evo-rus.com habar berdi.

Oregon Bilim departamenti bu pikiriň dogry jogaby tapmaga gönükdirilendigine ynanýar. Edara mugallymlary “Matematiki adalatyň ýoly” mikro kursuna gatnaşmaga çagyrýar. Oňa gatnaşyjylar matematikada obýektiwligiň ýa-da bitaraplygyň ak artykmaçlygynyň häsiýetidigini öwrenerler.
Ştatyň häkimiýetleri mugallymlara matematikanyň jynsparazlygy wagyz etmek üçin ulanylýan usullaryny kesgitlemäge kömek edýän adaty dersi däl-de, "etnomatematikany" ulanmagy maslahat berýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.