Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi

13.05.2021, 20:2324,200

Ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlan täze «Azerbaýjan» paromy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna geldi.

Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.
Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.
Ýurdumyzyň esasy “Deňiz derwezesiniň” düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, deňiz ulaglarynda her ýylky ýük daşalyşynyň mukdary barha artýar, şonuň ýaly-da, bu ýere gelýän daşary ýurt gämileriniň sany bolsa köpelýär. Özüniň iş terjimehalyny türkmen portuna ýük getirmekden başlan “Azerbaýjan” paromynyň gelmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.