Amerikaly rapiraçy Li Kifer Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazandy

26.07.2021, 02:312,439

Amerikaly Li Kifer rapirada gylyçlaşmak boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy. Finalda ol russiýaly Inna Deriglazowany 15:13 hasaby bilen ýeňdi.

Deriglazowa söweşiň dowamynda hasapda hiç öňdeligi eýelemedi: rus türgeni hasaby deňlän badyna Kifer bir-iki utuk öňe geçýärdi. Garşydaşlar 15-nji gezek duşuşdylar. Kifer bäşinji ýeňşini gazandy. Deriglazowa möwsümde ilkinji gezek ýeňildi.
Bürünç medaly üçünji orun üçin söweşde italiýaly Aliçe Wolpini ýeňen başga bir russiýaly rapiraçy Larisa Korobeýnikowa (14:15) aldy. Ýarym finalda ol Kiferden ýeňildi (6:15). 
Kifer 27 ýaşynda bolup, dünýä çempionydyr (2018). Onuň hasabynda dünýä birinjilikleriniň bir kümüş we iki bürünç medaly hem bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.