Türkmen Lideri Armen Sarkisýany we Nikol Paşinýany gutlady

21.09.2021, 09:206,883

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri Gutlagynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gutlag hatynda: «Ermenistan Respublikasynyň ýeten sepgitlerine tüýs ýürekden begenýäris hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris» diýip nygtalýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.