HHR-iň 2021-nji ýylyň reýtingi boýunça iň uly 500 kompaniýasynyň girdejisi 13,9 trln dollara ýetdi

28.09.2021, 07:214,030

Hytaýyň kärhanalar konfederasiýasy şu ýyl üçin ýurduň iň uly 500 kärhanasynyň sanawyny neşir etdi. Guramanyň beýanyna laýyklykda, olaryň esasy işden gelýän girdejileri jemi 89,83 trln ýuan ($13,9 trln) boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli görkezijisinden 4,43% ýokarydyr. 

Kompaniýalaryň reýtinginde birinji orny 2,667 trln ýuan ($412,94 mlrd) girdeji bilen HHR-iň Döwlet elektroulgam korporasiýasy eýeledi. Ikinji orunda 1,959 trln ýuan ($303,3 mlrd) bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC), üçünji orunda 1,957 trln ýuan ($303,05 mlrd) bilen Sinopec nebithimiýa ägirdi ýerleşdi diýip, TASS habar berýär.

Konfederasiýanyň maglumatlaryna görä, şeýle ösüş dünýäniň iň uly 500 kompaniýasynyň girdejisiniň peselýän döwründe (4,81%) hasaba alynýar. Guramanyň başlygynyň orunbasary Çžu Hunženiň pikiriçe, “innowasiýalara berilýän üns” sebäpli Hytaýyň kompaniýalarynyň ösüşi üçin täze mümkinçilikler peýda boldy. 

Reýtinge görä, HHR-iň iň uly 500 kompaniýasynyň jemi girdejisi 7,75% ýokarlanyp, 6 trln ýuandan ($928 mlrd) geçdi.

HHR-iň kärhanalar konfederasiýasy 500 sany milli iri kompaniýanyň reýtingini her ýyl neşir edýär. Bu sanaw ýurduň ösüşindäki esasy tendensiýalary, onuň halkara bazarlaryndaky ornuny yzarlamaga mümkinçilik berýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.