Wikipediýanyň ilkinji wersiýasy auksion satuwyna çykarylar

08.12.2021, 12:542,865

Wikipediýanyň esaslandyryjysy Jimmi Uels we Christie's auksion öýi onlaýn ensiklopediýanyň ilkinji wersiýasyny satuwa çykardylar. Bu barada The Verge-niň maglumatyna salgylanyp, gazeta.ru habar berdi.

Gürrüň Wikipediýanyň 2001-nji ýyldaky wersiýasy hakynda barýar. Aýdylmagyna görä, ol satuwa ilkinji gezek işe girizilen iMac Strawberry kompýuteri bilen bilelikde, çalşylmaýan token (NFT) görnüşinde çykarylar.
Jimmi Uels-iň sözlerine görä, token satyn alnandan soň, ensiklopediýanyň sahypasy internetde köpçülik üçin açyk bolar. Islendik adam oňa girip, redaktirläp biler. Ýöne girizilen ähli üýtgeşmeler bäş minutdan soň ýok bolar, sahypa ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp geler.
Auksion satuwy 3-nji dekabrdan 15-nji dekabr aralygynda geçiriler. Satuwdan alnan girdeji haýyr-sahawat guramalaryna we Uelsiň 2019-njy ýylda haýyr-sahawat üçin döreden WT.social sosial ulgamyna gönükdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.