Hytaý Türkmenistana koronawirusa garşy 5 million doza waksina iberer

06.02.2022, 12:179,713

Hytaý öz öndüren waksinasyndan 5 million doza waksinany Türkmenistana iberer. Bu baradaky meselä 5-nji fewralda Pekinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde seredildi.

"Hytaý tarapynyň Türkmenistana koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýda öndürilen waksinanyň 5 million sanysyny ugratmak baradaky çözgüdi türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň nobatdaky nyşany boldy" diýip, gepleşikleriň dowamynda türkmen Lideri aýtdy. 

Ýeri gelende bellesek, ýanwar aýynda geçirilen "Merkezi Aziýa - Hytaý" sammitinde eden çykyşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin merkezi aziýaly kärdeşlerine 2022-nji ýylda Hytaýda öndürilen waksinanyň 50 million dozasyny bu sebitiň ýurtlaryna ibermegi teklip etdi. Geçen ýyl hem COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.