Hindistanyň prezidenti ilkinji gezek Türkmenistana gelip görer

24.03.2022, 01:2715,129

1-4-nji aprelde  prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Hindistanyň baştutany Ram Nath Kowind  Türkmenistana geler diýip, Hindistanyň DIM-i habar berýär.

Bu Hindistanyň prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji saparydyr diýip, maglumatda nygtalýar.
Saparyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegine, ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna  garaşylýar. Temalaryň biri Hindistan-Merkezi Aziýa sammitiniň netijeleriniň durmuşa geçirilişini öz içine alar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky ylalaşyklaryň we memorandumlaryň birgidenine gol çekişmek meýilleşdirilýär. 
Şeýle-de, gepleşikleriň biriniň temasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek barada bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.