Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Lebaba bardy

18.06.2022, 16:3416,113

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanynyň ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra, ýurdumyzyň gündogar sebitine ilkinji saparydyr. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Welaýat merkeziniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutany ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanyldy.
Saparyň barşynda hormatly Prezident sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.