Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnamda saparda bolar

27.06.2022, 10:097,167

Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 27-nji iýuny 1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. 

Bellenilişi ýaly, saparyň maksady syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, işewürler maslahatyny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.