Yssy howa sebäpli Türkmenistanda otlularyň hereket tizligi peseldiler

23.07.2022, 23:4441,653

Şu günlerde howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli Türkmenistanyň çäginde otlularyň hereket tizligi peseldiler. Bu barada «Türkmendemirýollary» agentligi habar berýär. Aşa gyzgyn howa demir ýol ugurlarynyň gyzmagyna getirýär.

Otlularyň hereket tizliginiň peseldilmegi wagtlaýyn çäre bolup, ol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen iýul-awgust döwri üçin girizildi. Bu çäre ähli otlularyň hereket tertibine täsir eder.