«Türkmengaz» DK Bagaja käninden tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrar

30.09.2022, 22:166,290

«Türkmengaz» döwlet konserni Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak üçin maddy-tehniki enjamlary satyn alar. Bu barada şu gün Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy Bagaja gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.