Hytaýdan önümçiliginiň 10%-ini çykarmak üçin Apple-e 8 ýyl gerek bolar

04.10.2022, 15:026,888

Apple amerikan kompaniýasyna iPhone smartfonlarynyň, takmynan, 98%-iniň öndürilýän ýeri bolan Hytaýdan önümçilik kuwwatynyň 10%-ini çykarmak üçin 8 ýyl gerek bolar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.

“Global smartfon önümçiliginiň 70%-iniň Hytaýyň paýyna, global üpjünçiligiň tas ýarysynyň bolsa öňdebaryjy hytaý üpjün edijileriniň paýyna düşýändigi sebäpli, sebit ösen üpjünçilik zynjyryna eýe, eger Apple gitse, oňa elýeterliligi ýitirip biler” – diýlip, agentligiň hasabatynda aýdylýar.

Aýyň başynda Apple we Google üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikleriň we geosyýasy durnuksyzlygyň esasynda önümçiligi Hytaýdan başga ýere geçirip başlady, 26-njy sentýabrda bolsa kompaniýa Hindistanda täze iPhone 14 smartfonlarynyň önümçiligini işe girizdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.