2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar

11.10.2022, 13:267,220

10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Purçekowa garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny doly seljermegi, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

“Aşgabat-sitini”, ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek, gurluşyk we energetika pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary köpräk çekmek, şeýle-de bu işleri düýpli seljermek öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.