Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi Gazagystanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

22.11.2022, 10:169,684

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Gazagystanyň halky tarapyndan edilen saýlaw Siziň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy ugruňyza giňden düşünilýändigini we goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Siziň baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň geljekde-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna, halkara giňişlikde öz abraýyny ýokarlandyrmagyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Biz Türkmenistanda Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň hem-de gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

Gazagystanyň häzirki prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew saýlawçylaryň 81,31% sesini alyp, döwlet baştutanynyň 20-nji noýabrda geçen saýlawlarynda ýeňiş gazanýar diýip, duşenbe güni ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow saýlawlaryň deslapky jemi jemlenende habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.