Apple sürüjisiz elektromobiliniň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýyla süýşürdi

09.12.2022, 17:1515,702

Amerikan Apple Inc-i sürüjisiz elektromobiliň goýberilmeli möhletini bir ýyl - 2026-njy ýyla çenli yza süýşürdi we ulagyň özbaşdak dolandyrylyş derejesi babatyndaky uly pikirlerini biraz pessaýlatdy diýip, çeşmelere salgylanýan Bloomberg agentligi habar berýär.

Çeşmeleriň sözlerine görä, Titan taslamasy soňky birnäçe aýyň dowamynda kesgitsizlik ýagdaýynda galyp gelýärdi, çünki Apple-iň top-menejerleri göz öňüne getirilýän dolulygyna özbaşdak dolandyrylýan, destsiz, pedalsyz  ulagy döretmek häzirki bar bolan tehnologiýalar bilen durmuşa geçirilip bilinmez diýen netijä geldiler.
Şonuň bilen baglylykda kompaniýa taslama düzediş girizmek kararyna geldi we indi  dest bilen dolandyrylýan tigirli we pedally, awtomagistrallarda mümkin boldugyndan dolulygyna sürüjisiz dolandyrylýan  az awtonomly awtoulag döretmegi meýilleşdirýär diýip çeşmeler belleýärler.
Magistral bilen hereket edilýärkä sürüji öz işleri bilen meşgullanyp, mysal üçin filme tomaşa edip ýa-da oýun oýnap  biler we şäher köçelerine golaýlanda ýa-da howa şertleri ýaramazlaşanda elde dolandyrmaga çen bolandygyny duýdurýan habarlary öz wagtynda alyp durar.
Apple-iň paýnamalary sişenbe güni geçen söwdalaşyklaryň jemi boýunça 2,5% arzanlady. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 19,5% pese düşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.