Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi

24.01.2023, 08:4033,365

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi. Degişli resminama döwlet Baştutany 23-nji ýanwarda gol çekdi.

Resminama Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.