Türkmenistanda 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlis indiki hepdede geçiriler

03.02.2023, 23:5931,032

Prezident Serdar Berdimuhamedow indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Bu barada döwlet Baştutany 3-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Bellenilişi ýaly, mejlisde geçen 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen  maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň     ýerine ýetirilişi seljeriler, şeýle hem, döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.