Microsoft emeli aňyň esasynda täze Bing gözleg ulgamyny hödürledi

09.02.2023, 17:265,863

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy özüniň Bing gözleg ulgamyna we Edge internet brauzerine emeli aň esasly gurallary ornaşdyrýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Microsoft bu häzirki wagtda Google-dan ep-esli yzda durýan gözleg ulgamynyň ornuny berkitmäge kömek eder diýip umyt edýär. Olar meşhur ChatGPT çat botuny döreden OpenAI-ň tehnologiýalaryny ulanjakdyklaryny, ýöne munuň “has güýçli, takyk we çalt” boljakdygyny aýdýarlar. Bing neýron ulgamlarynyň kömegi bilen, kompaniýanyň wada berşi ýaly, diňe haýyşlara jogap bermek we salgylanmalary bermek bilen çäklenmän, ulanyjy bilen gepleşikleri dowam etdirip hem biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.