Türkmenistan birinji Merkezi Aziýa parlamentara forumyna gatnaşýar

10.02.2023, 13:178,351

Şu gün, 10-njy fewralda Gazagystanyň Turkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji parlamentara forumy geçiriler. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlamentarileriniň wekilleri gatnaşýar diýip, Gazagystanyň Senatynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrow ýolbaşçylyk edýär.
Forumyň barşynda deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meselelerini we bu işde parlamentleriň  ornuny maslahatlaşarlar. Şeýle hem forumyň netijeleri boýunça Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek hakynda Turkestan Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu resminama ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we Merkezi Aziýa sebitiniň bitewi medeni-taryhy giňişligini emele getirmäge gönükdirilendir.
Parlamentara forumy geçirmek karary Merkezi Aziýa döwletleriň Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň iýulynda geçiren Konsultatiw duşuşygy wagtynda kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.