Türkmenistanda 2022-nji ýylyň iň gowy etraby saýlandy. Oňa 1 mln amerikan dollary berler

10.02.2023, 22:0749,949

Türkmenistanda 2022-nji ýylda welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň  häkimligi bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanar.
Bäsleşikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky   şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça  Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi, galla we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş goraglylygy hem-de iş bilen üpjün edilişi, ekologiýa abadançylygy, ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak meseleleriniň üstünlikli çözülişi, döwlet Baştutanynyň içeri we daşary syýasatynyň wagyz edilişi ýaly esasy ugurlar boýunça görkezijilere garaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.