Türkmenistanda Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi dörediler

24.03.2023, 06:135,235

«Türkmen atlary» döwlet birleşigi bellenen tertipde Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini döreder. Şeýle hem bu merkeziň Tertipnamasyny taýýarlap, bellenen tertipde tassyklar. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.