Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýewe Togg türk elektroulagy gowşurylar

10.04.2023, 17:4045,018

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýakyn wagtda Türkiýänyň ýerli Togg eletkroulagyny alar.

Bu barada  Stambulda geçirilen duşuşykda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan  belledi, diýip, Trend saýty habar berýär.

“Togg eýýäm ýolda. Bir Togg awtoulagyny biz  doganym Azerbaýjanyň Prezidenti  Ilham Aliýewe,  ýene birini doganym Özbegistanyň Prezidenti  Şawkat Mirziýoýewe ugradýarys” diýip, Ärdogan belledi.

Geçen hepdede, 4-nji aprelde, Türkiýäniň ilkinji Togg elektroulagy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ugradyldy. “Ol  şeýle-de beýleki ýurtlara, ýagny Türkmenistana we Özbegistana hem ugradylar “- diýip, Mewlýut Çawuşoglu dynç güni Antalýadaky Togg-yň sergi meýdançasyna baryp görende belledi.

“Türkmenistan ak reňkine isleg bildirdi” -diýip, ministr maglumatyny açyklady. Onuň  aýtmagyna görä,  ak reňkli awtoulag  bir aýyň dowamynda çykarylar.

Ilkinji şeýle awtoulag 3-nji aprelde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we onuň maşgalasy Emine Ärdogana gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.