Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

27.04.2023, 11:3616,165

Prezident Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň dostlukly halkyna Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Willem-Aleksandra tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Niderlandlaryň ähli halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.