2023-nji ýylyň 3 aýynda türkmen-özbek haryt dolanyşygy 263 mln dollardan geçdi

01.05.2023, 17:4111,883

Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,5% artdy we 263,4 mln dollara barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika agentliginiň ýurduň sebitiň beýleki döwletleri bilen söwdasynyň maglumatlary barada getiren infografikasy şaýatlyk edýär.

Hasabat döwründe Türkmenistan Özbegistana 218,4 mln dollarlyk haryt eksport etdi. Özbegistan Türkmenistana 45,1 mln dollarlyk haryt iberdi.
Statistiki maglumatlara görä, Türkmenistan Gazagystandan soň, Merkezi Aziýa sebitinde Özbegistanyň ikinji iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Umuman alnanda, Özbegistan Merkezi Aziýa döwletlerinden harytlaryň importyny 8,7%, eksportyny — 18,5% artdyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.