FIFA-nyň prezidenti Täjigistana baryp gördi

03.05.2023, 09:3522,773

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino resmi sapar bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbä bardy. Bu barada sişenbe güni Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy  habar berdi.

FIFA-nyň başlygy täjigistanly kärdeşleri bilen duşuşdy we respublikada futbolyň ösüşi barada pikir alşar. Infantino Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen hem duşuşyk geçirdi.

"FIFA-nyň prezidenti Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) sekizinji kongresine gatnaşdy" - diýip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Infantino Täjigistana saparyndan soň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna barar. 3-nji maýda Gazagystana, 4-nji maýda Türkmenistana, 5-nji maýda bolsa Gyrgyzystana barar diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.