Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekilligi Nýu-Ýorkda welosipedli ýöriş guraýar

04.05.2023, 11:336,833

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişi guraýar.

Welosipedli ýöriş 2-nji iýunda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň golaýyndan badalga alar diýip, Hemişelik wekilhananyň resmi web sahypasy habar berýär.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy welosiped sürmäge isleg bildiren adamlary ýörişe çagyrýar. Şunuň bilen ähli adamlary durnukly ösüşe, «sagdyn» we howpsuz daşky gurşawy üpjün etmeklige, şeýle hem welosiped sportuny giňden wagyz etmeklige  goşant goşmaga çagyrýar.
Ähli soraglar boýunça şu salga ýüz tutup bilersiňiz: turkmenistan.un@mfa.gov.tm.
Bütindünýä welosiped güni (World Bicycle Day) BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.