Ikinji «Hytaý – Merkezi Aziýa» sammiti 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler

20.05.2023, 15:434,823

Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň indiki sammiti 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler. Bu barada Hytaý – Merkezi Aziýa sammitinde HHR-iň başlygy Si Szinpin aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

“Indiki sammit 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler” – diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi Si Szinpiniň sözlerini getirýär.

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň liderleri şeýle görnüşde duşuşyklary her iki ýyldan Hytaýda we Merkezi Aziýa ýurtlarynda nobatlaýyn geçirmek barada ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.