Serdar Berdimuhamedow galla oragyna başlamagyň senesini belläp berdi

27.05.2023, 11:0621,046

Serdar Berdimuhamedow şu ýylda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde aýdyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

«Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip, döwlet Baştutany ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.