Serdar Berdimuhamedow Alberto Fernandesi Argentinanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

10.07.2023, 06:578,050

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alberto Fernandese berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.