Türkmenistanda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

14.07.2023, 22:0913,654

Şu gün, 14-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin B.Çaryýewi Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatowy belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň täze wezipä bellenilen başlygy bildirilen ynam üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanyny öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek  şol  gullugyň başlygynyň orunbasary A.Sazakowyň üstüne ýüklenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.