Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýa sapar bilen barar

19.08.2023, 14:1511,872

Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto Türkmenistanyň Prezidentiniň 19-20-nji awgust aralygynda Wengriýada saparda boljakdygyny mälim etdi. Bu barada wenger metbugat gulluklary habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidentleri, şeýle hem Çehiýanyň, Awstriýanyň we Sloweniýanyň ozalky premýer-ministrleri Wengriýada saparda bolarlar.
Bu saparyň barşynda ýokary derejede energetika howpsuzlygy boýunça duşuşyk geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.