Taryhda ilkinji hemme tekeri hereketli Hyundai Sonata çykaryldy

02.09.2023, 17:5622,384
1 / 2

Şu ýylyň başynda Hyundai düýpgöter täzelenen Sonata-2024-i hödürläpdi, indi bolsa Demirgazyk Amerikada elýeter bolan wersiýa barada maglumat bar. Esasy tapawudy - ähli tekeri hereketli.

Bu Sonata-nyň ähli tekeri hereketli ilkinji görnüşidir. Ol zerur bolanda öňe ýa-da yza güýç paýlaýan HTRAC (Hyundai TRACtion) ulgamyny aldy. Häzirki wagtda ähli tigri hereketli ulag diňe tebigy islegli 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen elýeterlidir.
Täze Hyundai Sonata bir egri ekranda birleşdirilen 12,3 dýuýmlyk jübüt ekranly (biri sürüji üçin, beýlekisi maglumat-güýmenje ulgamy üçin) täzelenen kabinany, täze dizaýny, täze faralary, yşyklary alandygyny ýatladýarys. Şeýle hem, onuň proýeksiýa  ekrany we 12 sesli Bose ses ulgamy bar.
Sonata 2024 Demirgazyk Amerika üçin üç görnüşli hereketlendiriji bilen hödürlenýär. 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji sedanyň standart toplumynda oturdylan. Sonata N Line 2,5 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji bilen, gibrid bolsa ýekeje elektrik hereketlendirijisi bolan 2,0 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bahalar ýylyň ahyrynda  Hyundai Sonata 2024-iň satuwynyň başlanmagyna az wagt galanda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.