LC Waikiki-de ähli harytlara 1 alana 1-i mugt aksiýasy başlanýar

06.09.2023, 12:5771,863

Zenanlar, erkekler, şeýle-de çagalar üçin amatly bahadan brend egin-eşikleriniň giň toplumyny hödürleýän «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän LC Waikiki dükanynda 1+1 aksiýasy başlanýar.
Aksiýa 7-nji sentýabrda başlanyp, dükandaky ähli harytlara degişlidir.

LC Waikiki harytlaryň täze tapgyrynyň gelendigini hem habar berdi. Olaryň içinde zenanlar, erkekler, şeýle-de çagalar üçin, ýagny tutuş maşgala üçin egin-eşikleriň, aýakgaplaryň giň toplumy bar.
LC Waikiki dükanlaryndan harytlary öňünden tölegsiz 6 aý garaşaryna kredit hem alyp bolýar.
LC Waikiki-däki ähli arzanlaşyklardan habarly bolmak üçin onuň Instagram sahypasyny ýa-da Asmanexspress ykjam goşundysynyň Asmanshop bölümini yzarlap bilersiňiz.
Asmanshop-da diňe bir bu brendiň däl, eýsem, başga-da onlarça brendleriň egin-eşikleriniň görnüşlerini ykjam telefonyňyzyň üsti bilen gözden geçirip, öýde geýip görmek üçin sargyt edip bolýar. Ilkinji edilen sargyda 50 manatlyk kupon sowgat berilýär.
Asmanshop-yň işgärleri bary-ýogy 90 minudyň içinde saýlan harydyňyzy birnäçe ölçegde siziň öýüňize getirer.

LC Waikiki dükany
«Berkarar» SDAM, 3-nji gaty
Tel: +993 61 176533;
+993 61 175229

Instagram: lcw_turkmenistan

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.