Serdar Berdimuhamedow Аzerbaýjanyň täze bellenilen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

05.10.2023, 00:392,841

4-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogyň okgunly ösdürilýändigi,  ýokary derejedäki özara  saparlaryň  yzygiderli amala aşyrylýandygy,  ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça  işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, energetika howpsuzlygy we ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Döwlet Baştutany we Azerbaýjanyň doly ygtyýarly wekili bilim, ylym, medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ylmy institutlaryň arasynda tejribe alşylmagyny dowam etmegiň, iki dostlukly halklaryň medeniýetlerini özara baglanyşdyrýan gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýän bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.