Merkezi Aziýada Hytaýdan Ýewropa täze ulag geçelgesini geçirmek maslahatlaşylýar

14.10.2023, 16:039,990

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag edaralary Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna täze halkara geçelgesini geçirmek barada şertnama taýýarlaýar diýip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, sputnik.kz habar berýär.

Özbegistanda Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ulag we demirýol edaralaryndan kärdeşler bilen duşuşyk guralyp, wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi.

“Duşuşykda Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky şertnama gol çekilmegi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy” – diýip, edaranyň habarynda aýdylýar.

Täze halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi onuň ähli gatnaşyjylarynyň bähbitlerine laýyk gelýär we ýurtlaryň arasyndaky üstaşyr gatnawlary we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.