Serdar Berdimuhamedow Maha Wajiralongkorny Tailandyň Milli güni bilen gutlady

05.12.2023, 10:595,967

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Tailandyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.