«Nepis öý» gurluşyk we santehnika harytlaryna 50%-e çenli arzanlaşyk yglan etdi

07.12.2023, 10:5431,260
1 / 6

Täze ýyla diňe başgalara sowgat almaly diýip kim aýdypdyr?!
Näme üçin Täze ýylda özümize, öýümize sowgat alyp özümizi begendirmeli däl?!
Öýümiziň interýerini bezesek, gündelik durmuşymyzy ýeňilleşdirjek zerur santehnika enjamlaryny oturtsak, bu Täze ýylda hem özümizi, hem maşgalamyzy begendirmäge, tutuş ýylyň dowamynda rahat durmuşda ýaşamagymyza kömek eder.
«Nepis öý» gurluşyk we santehnika dükany Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyly öýümizi has-da gözelleşdirip garşy almak üçin ýokary hilli santehnika hem gurluşyk harytlaryny 50%-e çenli arzanlaşyk bilen hödürleýär.
Howlugyň! Arzanlaşyk 27-nji dekabra çenli dowam eder.

«Nepis öý» diňe bir bu harytlaryň söwdasy bilen däl, eýsem, bejeriş-abatlaýyş (remont) hyzmatlaryny hem hödürleýär.
2005-nji ýyldan bäri hyzmatlaryny hödürläp gelýän «Nepis öý» HJ-niň söwda dükanlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýerleşýär.
«Nepis öý» HJ-niň hödürleýä harytlarynyň hatarynda:

  • Hammam mebelleri;
  • Dürli görnüşli wannalar we jakuziler;
  • Dürli reňklerde pol we asma unitazlar;
  • Dürli reňklerde rakowinalar;
  • Pol we asma bideler;
  • Çaşagenuýalar;
  • Pisuarlar;
  • Dürli reňklerde kafeller we beýleki harytlar bar.

«Nepis öý» öýüňiziň bezeg hem reňk aýratynlygyna görä, göwnüňizden turjak islendik görnüşli santehnika harytlaryny tapyp boljakdygyny kepillendiýär.
Dükanlarda Türkiýäniň, Italiýanyň we Hytaýyň ýokary hilli harytlary hödürlenilýär.
«Nepis öý» DIZAÝN hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.
Aşgabat şäheriniň çägine eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

Salgylar we telefonlar:

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.