Argentinanyň milli toparynda Messi gideninden soň 10-luk belgi ulanylyşdan aýrylar

31.12.2023, 19:4412,595

Argentinanyň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Klaudio Çiki Tapia ýurduň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi topardaky karýerasyny tamamlandan soň, onuň oýun belgisiniň ulanylyşdan aýryljakdygyny aýtdy.

“Haçan-da Messi milli ýygyndydan gideninde, biz onuň yzyndan hiç kime 10-luk belgili forma geýmäge ýol bermeris. Bu 10-luk belgi Messä goýulýan hormatyň alamaty hökmünde hemişelik ulanylyşdan aýrylar. Bu biziň edip biljek iň pes zadymyz” – diýip, Sport.es Tapianyň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Messi Argentinanyň uly milli toparynda 2005-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 180 oýna gatnaşyp, 106 gol we 56 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Messi milli toparyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň Amerikanyň kubogynda ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.