TikTok-da AI Song aýratynlygy peýda bolar. Ol AI-ni ulanyp, aýdym döretmäge ýardam eder

22.01.2024, 13:304,566

TikTok sosial ulgamy täze AI Song aýratynlygyny hödürledi, ulanyjylar ýazan tekstlerini onuň kömegi bilen doly derejeli aýdymlara öwrüp bilerler. Aýratynlyk “Bloom”-yň ösen dil modeli esasynda işleýär diýip, The Verge-e salgylanýan  Ferra habar berýär.

Ulanyjylar ýazgy döredenlerinde diňe meýdança tekst girizäýmeli, şondan soň TikTok Song-yň emeli aňy ulanyja žanr saýlamaga mümkinçilik bermek bilen, laýyk gelýän sesleri goşar. Şol bir wagtda TikTok-sazandalaryň ilkinji netijeleriniň düşnüksiz bolandygy bellendi: käbir sazlaryň owazlylygy bärden gaýdýar.
AI tarapyndan döredilen aýdymlar TikTok üçin asla täzelik bolmasa-da, sosial ulgam has köp ulanyja, az-kem sanly kömegi bermek bilen, ýazmak mümkinçiligini berip, aýdym döretmek prosesini demokratiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.